Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 3-nji Maý
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 3-nji Maý
Çap edildi 03.05.2015
1605

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýakylýan mazudy, awtobenzini, uçar kerosinini, gyzdyrylan nebit koksyny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, saryja goýunlarynyň ýüňi, pagta süýümi, pagta galyndysy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Malta, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 million 424 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 274 müň manatdan gowrak bolan azyklyk dänäni satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow