Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Babadaýhanlar şaly ekişine taýýarlyk görýärler
Ykdysadyýet
Babadaýhanlar şaly ekişine taýýarlyk görýärler
Çap edildi 20.04.2015
1509

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şaly ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda 8 müň 100 gektar meýdana ekiler. Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda bolsa bu ekini 10 müň 200 gektara ekmek meýilleşdirilýär. Bu ýerlerde şaly ekişine şu ýylyň iýun aýynyň başlanmagy bilen badalga berler. Toprak-howa şertleri nazarda tutulyp, çyglylygy halaýan bu ekin ýurdumyzyň diňe iki sebitinde ekilýär. Şeýlelik bilen, ýurdumyz boýunça şaly ekinleriniň tutjak umumy meýdany 18 müň 300 gektar bolup, şondan şu ýyl 81 müň 200 tonna şaly ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şaly ýetişdirmek üçin meýdanyň we önümçiliginiň möçberi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy. Umuman, ekiş möwsümine saýlama tohumlaryň dört müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Şaly ýetişdirmegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, bu ekiniň “Nukus-2”, “Akmerjen” we beýleki ýokary hasyl berýän we kesele durnukly tohumlaryna aýratyn orun berildi. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly ekişine maý aýynyň üçünji ongünlüginde başlamak meýilleşdirilýär, Lebap welaýatynda bolsa iýunyň aýagynda ekiş geçirmek bellenilýär.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow