Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 18-nji Aprel
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 18-nji Aprel
Çap edildi 18.04.2015
1534

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan we Hytaýdan gelen işewürler tehniki uglerody we ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, miweli içgiler, nah ýüplük, pagta süýümi, süýümli ulýuk, pagta şulhasy satyldy. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Singapur, Owganystan, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 74 million 613 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine şweýsariýaly telekeçiler bahasy 1 million 639 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 119 müň manatdan gowrak bolan polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow