Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşoguz welaýatynyň oba mekdepleri interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär
Jemgyýet
Daşoguz welaýatynyň oba mekdepleri interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär
Çap edildi 27.08.2018
1975

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda interaktiw tagtalaryň ellisi we täze döwrebap enjamlaryň tapgyry Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Olar şäherleriň we obalaryň umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrmak üçin etraplara bölünip berildi. Täze okuw ýylyna taýýarlyk üstünlikli tamamlanan şu ýylda körpeleriň 33 müňden gowragy ilkinji gezek mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Olary abatlaýyş we bejeriş işleri geçirilen umumy bilim berýän mekdepleriň 500-den gowragy hem-de mekdep internatlaryň üçüsi kabul ederler. Okuw otaglarynyň ählisi zerur enjamlar we görkezme esbaplary bilen üpjün edilen. Sebitiň dolandyryş merkezinde Al-Horezmi köçesiniň ugrunda täze mekdep açylyşa taýýar edildi. Demirgazyk sebitiň umumy bilim berýän edaralarynda çagalaryň 260 müňden gowragy bilim alýar. Innowasion bilim strategiýasynyň çäklerinde okuwyň hilini we mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Bilim pudagynyň maddy-üpjünçilik binýady hem yzygiderli berkidilýär. Diňe soňky ýyllarda welaýatyň şäherlerinde we obalarynda täze döwrebap mekdepleriň onlarçasy gurlup, olarda öňdebaryjy bilim usulýetleri ornaşdyrylýar. Welaýatyň orta okuw mekdepleriniň ählisi diýen ýaly sanly bilime geçmek jähtinden täze döwrebap enjamlar we interaktiw tehnologiýalar bilen üpjün edilen. Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýarynda alysdaky obalaryň çagalaryny mekdebe gatnatmak üçin oňaýly awtobuslar bar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow