Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 22-nji Mart
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 22-nji Mart
Çap edildi 22.03.2015
1518

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, BAE-den gelen işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna bolsa arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük we mata, pagta süýümi satyldy. Satyn alan ýurtlur: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Beliz, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Wirgin adalary. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 66 million 182 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 262 müň manatdan gowrak bolan azyklyk dänäni we polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow