Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 15-nji Mart
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 15-nji Mart
Çap edildi 15.03.2015
1514

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 72-si bellige alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropleni, suwuklandyrylan gazy, kerosiniň dürli görnüşlerini (uçar, yşyklandyryş, tehniki) satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy, dizel ýangyjyny we awtomobil ýagyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplükler, pagta süýümi, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 137 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow