Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 22-nji Fewral
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 22-nji Fewral
Çap edildi 22.02.2015
1526

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen ýangyç mazudyny we M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna polipropilen haltasyny, pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta süýümini, dowarlaryň derisini satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Täjigistan, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 28 million 500 müň dollaryna barabar boldy. Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri (TNGIZT–da öndürilen) umumy bahasy 66 müň manatdan gowrak bolan polimer külkesini satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow