Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 14-nji Fewral
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 14-nji Fewral
Çap edildi 14.02.2015
1712

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Bagam adalaryndan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, göni arassalanan benzini, yşyklandyryş kerosini, binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudy, Kiprden gelen işewürler bolsa “Türkmengaz” DK-nyň önümi bolan tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, arassalanan pagta ýagy, buýan köküniň ergini, nah ýüplükler, pagta süýümi, pagta linti, nah ýüplükleriň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Lihtenşteýn, Owganystan, Gazagystan, Täjigistan. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 65 million 241 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri, içerki bazar üçin, umumy bahasy 68 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow