Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 8-nji Fewral
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 8-nji Fewral
Çap edildi 08.02.2015
1526

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we Niderlandlardan gelen telekeçiler polipropilen, owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Koreýa Respublikasyndan gelen işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler karbamidi (“Türkmenhimiýa”DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bugdaý ununy, pagta ýagyny, örme önümlerini, nah matany we ýüplügi, pagta süýümini we pagta galyndylaryny satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Singapur, Eýran, Täjigistan, Gyrgyzystan, Ukraina, Owganystan. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 37 million 810 müň dollaryndan gowrak boldy. Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri bahasy 434 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow