Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 31-nji Ýanwar
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 31-nji Ýanwar
Çap edildi 31.01.2015
1550

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Latwiýadan we Estoniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar, BAE-den we Malaýziýadan gelen işewürler bolsa tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplükler, arassalanan pagta ýagy, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Eýran, Singapur we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 427 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 460 müň manatlykdan gowrak ownadylan polimerleri (Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow