Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 24-nji Ýanwar
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 24-nji Ýanwar
Çap edildi 24.01.2015
1425

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan we Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Koreýa Respublikasyndan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, owganystanly telekeçiler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem nah ýüplügi we nah matany, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, gara mallaryň derisini, portlandsement, pagta süýümlerini satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Gruziýa, Ukraina we beýleki ýurtlar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 161 müň dollaryndan gowrak boldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow