Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 17-nji Ýanwar
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 17-nji Ýanwar
Çap edildi 17.01.2015
1499

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Söwdalarda nebithimiýa önümleri alyjylaryň uly islegine eýe boldy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazutyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem bugdaý uny, pagta süýümi we pagta egirme önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 83 million 450 müň dollaryndan gowrak boldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow