Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 17.11.2018
1631

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 267-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Gonkong, Türkiýe, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 39 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Gonkongdan, Kanadadan, Türkiýeden, Ermenistandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 22 million 195 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi we ýüňi (saryja hem garaköli) satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million manada golaý polipropileni, polietileni we pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow