Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli baýramçylygyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi
Jemgyýet
Milli baýramçylygyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi
Çap edildi 17.05.2015
1585

16-17-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyk we parahatçylyk” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisi we Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi tarapyndan bilelikde guralan maslahatyň işine milli parlamentiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanuny Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratik ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitläp, halkyň agzybirlik we jebislik, watançylyk we ynsanperwerlik, döredijilik we rowaçlyk hakynda köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirdi. Türkmenistanlylar eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan ýokary üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Şol üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdengörüjilikli hem-de netijeli içeri we daşary syýasaty, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýeti kämilleşdirmegiň täze, döwrebap tejribesiniň özleşdirilmegi netijesinde gazanyldy. Gün tertipde - Türkmenistanyň Esasy Kanunyny has-da kämilleşdirmek bolup, ol döwrüň özi tarapyndan şertlendirilendir hem-de milli Liderimiziň milli döwletliligi, halk häkimiýetiniň esaslaryny has-da berkitmek, häzirki zaman raýat jemgyýetini kemala getirmek babatda öňde goýan ägirt uly wezipelerini üstünlikli çözmek işinde möhüm ädim bolar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi diňe şu günüň däl-de, eýsem ýakyn we uzak döwri nazara almak bilen syýasy, ykdysady we durmuş maksatlaryny şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda bölümler boýunça geçirilen mejlislerde çykyş edenler ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek hem-de halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksadynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň konstitusion-hukuk esaslaryny berkitmek, döwlet-hukuk institutlarynyň we raýat jemgyýetiniň işini ösdürmek meseleleri üns merkezinde boldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimizi halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, onuň halkara abraýynyň has-da artmagynyň bähbidine öňde goýlan maksatlary gazanmak üçin ähli bilim-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow