Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat
Jemgyýet
Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat
Çap edildi 21.04.2015
1603

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-nyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeler ýolunda durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha bermek bilen, duşuşygy guraýjylar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlaw ulgamynyň we milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Türkmen döwletiniň hukuk ulgamynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny belläp, maslahata gatnaşyjylar saýlaw işiniň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmek üçin köp sanly daşary ýurtlardan, iri halkara guramalaryndan garaşsyz synçylaryň yzygiderli çagyrylmagy Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna eýerýändigini we adamlaryň hukugynyň, azatlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly möhüm resminamalaryň düzgünnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin zerur tagallalary edýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, özara tejribe alşylmagy we hereket edýän halkara kadalary, daşary ýurtlarda saýlawlaryň guralmagynyň iş tejribeleriniň öwrenilmegi, yzygiderli esasda bilelikdäki mejlisleriň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň we bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryň geçirilmegi milli saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin has-da ähmiýetlidir. Şu gezekki iki günlük maslahatyň çäklerinde düzüminde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri bolan maslahata gatnaşyjylar hereket edýän halkara ülňüleri, saýlaw guramalarynyň işi, saýlawçylary we dalaşgärlary hasaba almagyň hukuklary we kadasy, saýlaw möwsüminiň öňüsyrasyndaky esasy tapgyrlary we saýlawlary geçirmegiň düzgünleri, şeýle hem bu babatda giň jemgyýetçiligiň habardar edilmegi bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdyrylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
top-arrow