Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular
Jemgyýet
Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular
Çap edildi 20.04.2015
1616

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Minskide geçirilen nazary mehanika boýunça IX Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň netijelidigine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň wekilleriniň arasyndaky dartgynly geçen toparlaýyn ýaryşlaryň netijesinde biziň ýaş watandaşlarymyz ikinji orny eýelediler. Dört günüň dowamynda — 2015-nji ýylyň 14—17-nji aprel aralygynda Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň barşynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň talyplary nazary mehanika ýaly çylşyrymly ders boýunça taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça TDU-nyň fizika fakultetinde radiofizika we elektronika hünäri boýunça bilim alýan talyplar Muhammetgeldi Annaýew (5-nji ýyl talyby) altyn medala mynasyp boldy, üçünji ýyl talyplar Meýlis Mälikow we Mekan Toýjanow kümüş medal gazandylar, Pälwan Seýidow (5-nji ýyl talyby) bürünç medalyň eýesi boldy. Türkmen talyplary olimpiadanyň çäklerinde “Breýn-ring” bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş edip, üçünji orny eýelediler. Türkmen talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň abraýly halkara bäsleşiklerindäki ynamly çykyşlarynyň we köpsanly baýraklarynyň şunuň ýaly mysallary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş nesli, ýaşlary ýokary bilimli, aň-düşünjesi ösen, ruhy taýdan baý adamlar we hakyky watançylar edip terbiýelemek meselelerine hemişelik berýän ünsi baradaky uly aladalarynyň netijesinde mümkin boldy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek hem hut şuňa gönükdirilendir. Ol bolsa Watanymyzyň geljekde has-da gülläp ösmeginiň esasy alamaty bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyz boýunça iň täze okuw enjamlary, häzirki zaman barlaghana abzallary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Bularyň ählisi öz netijelerini, şol sanda Halkara olimpiadalarda, bäsleşiklerde we gözden geçirilişlerde gazanylýan ýeňişler görnüşinde öz netijelerini berýär.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
top-arrow