Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 19.01.2019
1592

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipropilen we polietilen önümlerini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, Germaniýanyň, Gonkongyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri reňksiz list aýna, portlandsement, tüýjümek önümleri, nah ýüplük, pagta süýümini, buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million dollaryna golaý boldy. Russiýanyň işewürleri manat serişdelerine umumy bahasy 18 million 615 müň manatlykdan gowrak bolan trikotaž, oba hojalyk önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow