Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2021
1107

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi. Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Baştutanynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň bu gün ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn üns berýändigi, ony özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Abraýly guramalaryň derejesinde öňe sürülýän dünýä hem-de sebit ähmiýetli halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Bilelikdäki hökümetara toparyň netijeli işi hem şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işlemeginiň türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şol kompaniýalar energetika hem-de ulag ulgamlarynda işleýärler, gurluşykda we beýleki möhüm pudaklarda düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýärler.

Şunda geljegi uly türkmen bazarynda işjeň işlemäge gyzyklanma bildirýän Russiýanyň esasy kärhanalaryny çekmek arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň — Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň, Russiýanyň beýleki sebitleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Şol sebitler bilen dürli pudaklarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanlary ylym-bilim ulgamynda, amaly ylmy-barlaglar babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň, umuman, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn bellediler. Şol gatnaşyklar medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, iki ýurduň halklarynyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmelidir.

Taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini gutlady
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
top-arrow