Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara biz ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.