Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Prezidentini gutlady
Çap edildi 09.07.2021
2535

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan jenap Ishak Gersogy Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara biz ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýip, milli Liderimiz gutlag hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Ishak Gersoga tüýs ýürekden berk jan saglygyny, gujur-gaýrat, Ysraýyl Döwletiniň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini gutlady
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
top-arrow