Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 27.09.2021
1775

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi, ol Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny şanly sene bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de bedew bady bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny ösdürmek boýunça möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistanyň hemişe baý tejribä, innowasion işläp taýýarlamalaryna, ylmy we önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ulag ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki köpýyllyk üstünlikli tejribäni hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Ulag ulgamynyň häzirki zaman ösen düzüminiň döredilmeginiň diňe bir ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolmak bilen çäklenmän, halkara gatnawlarynyň möçberlerini giňeltmegiň, sebitiň ýurtlary bilen has ýygjam söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň hem möhüm şertidigi bellenildi.

Işewür ägirt uly goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän iri gurluşyk kompaniýasynyň geljekde hem jogapkärli tabşyryklary ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerinde ýerine ýetirjekdigine, milli Lideriň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine uly goşant goşmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow