Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň mazmunyny baýlaşdyryp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň ähmiýetli wakalarynyň hatarynda mynasyp uly orun alýar.

Dabaranyň başynda çykyş edenler bu günki waka mynasybetli gutlag sözlerini beýan edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýändigini, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen uly ösüşlere eýe bolýandygyny, halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigini bellemek bilen, şunda ylym ulgamynyň innowasiýalar arkaly giň gerimli ösüşlere beslenýändigini nygtadylar.
Bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda ylmy ösdürmek üçin edýän yzygiderli aladalary we hemmetaraplaýyn goldawlary ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Munuň üçin dabarada çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman alym Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra dabaranyň esasy pursaty gelip ýetdi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy.

Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda we ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işlerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy.
Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi bu habary uly şatlyk we guwanç bilen kabul etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň Çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady, resminamada bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Gumanitar we Ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegi üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp dakyldy.

Bu şatlykly habar hem dowamly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Şeýle ajaýyp guwançly wakalardan ruhlanyp dabarada çykyş edenler ýetip gelen Ylymlar güni, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanmagy hem-de ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşykly ýokary depginler bilen ösdürmäge, milli, döwlet we halkara derejeli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn-da, jemgyýetimiziň ylmy-intellektual mümkinçiligini artdyrmaga döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýändigi barada aýdylyp, çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna, ylmy-tehniki özgertmelerine, toplumlaýyn maksatnamalaryna, innowasion ösüşe hem-de ýokary tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda ylym ulgamynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, düýpli nazaryýet bilimlerine we ylymlaryna esaslanýan ykdysadyýeti döretmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Akademik, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Halypa Alym Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary, berýän goldaw-hemaýatlary hem-de döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde, ylmy-barlag institutlarynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze senagat pudaklaryny döretmek, iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda kompýuter, nano we himiýa tehnologiýalar, energetika, molekulýar biologiýa hem biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, lukmançylyk hem derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ylmyň we işläp taýýarlamalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly düýpli ylmy barlaglar alnyp barylýar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» esasynda täze we ýokary tehnologiýalar döredilýär.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmatly maslahatlary bilen ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, forumlar, ylmy bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary derejede geçirilip, ylmyň we tehnikanyň gazananlary bütin dünýä ýaýradylýar hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara ylym giňişligindäki orny barha pugtalandyrylýar.

Şeýle hem, mälim bolşy ýaly, ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň ylym we bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ýaýrawynyň has-da giňeldilmegi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Hormatly Prezidentimiziň her bir sözi, her bir jümlesi gymmatly ylmy pikirlere ýugrulan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary eziz Watanymyzyň möhüm wakalardan doly taryhyny, adamzat siwilizasiýasyna täsir eden medeni-taryhy hazynalaryny hem-de beýik şahsyýetlerimiziň mirasyny täzeçe ylmy nazaryýetler esasynda öwrenmekde gymmatly çeşmelere öwrüldi. Bularyň ählisi Türkmenistany ylmyň we bilimiň barha rowaçlanýan ýurdy hökmünde dünýä tanadýar hem-de abraýyny beýgeldýär diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda ýurdumyzyň alymlarynyň 31-sine, şol sanda 6-syna ylymlaryň doktory we 25-sine ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi.
Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň, ýagny ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si we ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.

Diplomlara mynasyp bolan hem-de diplomlary ykrar edilen alymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda ylym-bilimiň ösüşini hil taýdan dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlaryny jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek, ykdysadyýetimizde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze önümçilikleri döretmek, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek babatda geljegi nazarlaýan uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Çykyş eden alymlar bular barada belläp geçmek bilen ýurdumyzda ylym ulgamyny döwrebap derejede bildirilýän talaplara laýyklykda geljekde has-da ösdürmek ugrunda ähli bilimlerini-ylymlaryny, tejribelerini we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar hem-de ýurdumyzda ýetip gelen Ylymlar gününiň öňüsyrasynda özlerine gowşurylan diplomlar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şeýle hem olar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga, ýaşlaryň döredijilikli işlemegine we ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglary alyp barmagyna döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize we döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.