Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny HHR-iň jar edilen güni bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny HHR-iň jar edilen güni bilen gutlady
Çap edildi 30.09.2021
2010

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de dostlukly ýurduň halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Milli Liderimiz iberen hatlarynda Hytaýyň geçen döwrüň içinde öz halkynyň zähmetiniň we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýeti ösdürmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygyny nygtap, hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňlik hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmäge aýratyn üns berýändigini hem-de bu babatda şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen üstünlikli geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösüşiň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam edendigini-de belledi.

Şu ýakymly mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow