Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Çap edildi 23.10.2016
1822

Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, harby okuw mekdepleriň mugallymlary we harby talyplar , medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda çap edilen bu neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza beren baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby ägirt uly watansöýüjilik we terbiýeçilik ähmiýetini özünde jemläp, ýaş harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň syýasy dünýägaraýşyny ýokarlandyramk, raýatlyk işjeňligini pugtalandyrmak we söweşjeň ruhy ýokarlandyrmak işinde has-da ähmiýetlidir. Täze kitabyň sahypalarynda Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň esasy tapgyrlary, bu ugurda ýeten derejesi we gazanan üstünlikleri, özygtyýarlylygyna eýe bolan ýaş döwletiň syýasatynyň oňyn ugry we ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr. Belelnilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri arkaly Türkmenistan täze belentliklere tarap ynamly gadam gurmak bilen parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki belent abraýa eýe boldy. Şeýle hem çykyş edenler Garaşsyz Watanymyzyň Harby doktrinasynyň goranyş häsiýetine eýedigini we onuň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, ol ýurdumyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň goraglylygyna gönükdirilendir. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň howpsuzlygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň goragynda berk durup, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegi babatda hemmetaraplaýyn tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar. Dabaranyň çäklerinde baýramçylyk konserti boldy.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow