Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkidilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkidilýär
Çap edildi 23.05.2022
1160

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler dost-doganlyk gatnaşyklary berk ýola goýlan Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bu bolsa taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy wagtyň synagyndan geçen esasda ýola goýmaga özara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Men Tatarystan Respublikasyna ýakynda bolan saparymy, biziň wekiliýetimiziň myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen kabul edilmegini aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan üstünligiň gatnaşyklarymyzyň ähli pudaklarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow