Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 10.05.2026
19

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz bu mukaddes günde fronta gatnaşanlaryň hem-de tylda zähmet çekenleriň gahrymançylygynyň, tutanýerli zähmetiniň öňünde baş egýäris. Biziň halklarymyz synmaz erki, gaýduwsyzlygy we jebisligi görkezip, umumy Ýeňşe uly goşant goşdular. Halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan jebisliginiň, dostlugynyň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi 9-njy maý bilen gutlaýaryn. Bu mukaddes sene biziň halklarymyzyň ykbalynda müdimilik orun aldy. Ata-babalarymyz egin-egne berip, nesilleriň röwşen geljegini we garaşsyzlygyny goradylar. Onlarça ýyllar geçse-de, Watan gahrymanlarynyň görkezen edermenlikleri baky ýaşaýar. Öz janlaryny pida edip, erkinligi bagyş eden gahrymanlar baradaky hakyda geçmişiň külpetini gaýtalamazlyk üçin bize ahlak ýol görkezijisi bolup durýar.

Belarusuň we Türkmenistanyň halklarynyň uruş döwrüniň ýowuz synagyndan geçen dostlugynyň hoşniýetli goňşuçylygy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin häzirki wagtda hem berk binýat bolmagynda galýandygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halklarymyzy birleşdirýän bu dabaraly günde biz nasizme garşy göreşen ildeşlerimizi aýratyn hoşallyk bilen ýatlaýarys. Halklarymyzyň görkezen edermenligi hem-de bilelikde geçen synagy baradaky hakydanyň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup durýandygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz jebisligi, söweş meýdanlaryndaky edermenligi hem-de tyldaky tutanýerli zähmeti, adalatlylyk, azatlyk gymmatlyklaryny gorap, ýeňiş gazanan watandaşlarymyza belent sarpa goýýarys. Ýeňiş güni nasizmiň hem-de totalitarizmiň ähli alamatlaryna garşy bilelikde göreşmegiň, halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň we parahatçylygy, durnuklylygy saklamagyň möhümdigini ýene-de bir gezek ýatladýar. Bu Ýeňşiň ruhunyň geljekde hem ýurtlarymyzyň arasynda durnuklylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine özara düşünişmek, dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini berkitmek üçin binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
top-arrow