Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 29.06.2022
581

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy hormatly Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýany köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we strategik hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan türkmen-rus döwletara gatnaşyklary sazlaşykly ösdürilýär. Şunda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň esasynda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny ýatlady. Onda rus tarapyndan foruma gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe bolan netijeli we anyk başlangyçlar öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary, onuň çäklerinde strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hakyndaky Jarnama gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda özara düşünişmek esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigi bellenildi we onuň ähli ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Söhbetdeşler birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow