Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Çap edildi 01.07.2022
2314

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy. Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen umumy taryhy köklere we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli jogap sözlerini aýtdy we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly sebitara hem-de halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işine wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap senagat düzüminiň döredilmegine, iş tejribesine häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň we oňyn işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurtly, şol sanda türk hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklara oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow