Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 19.07.2022
1294

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Şweýsariýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin hem-de şu şanly sene bilen Sizi mähirli gutlaýaryn.

Ýurdumyz biziň öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza, birnäçe halkara maliýe düzümleriniň çäklerindäki umumy bähbitlere, üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Bretton-Wud edaralarynda, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynda hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasynda ses bermäge bilelikde gatnaşmagymyz biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň ýurtlaryň ikisine-de peýda getirjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Inýasio Kassis,

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruzin halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýar. Munuň özi birnäçe möhüm ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şu baýramçylyk gününde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin möhüm ädimleri ätjekdigimize ynam bildirýärin.

Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk, saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident, gadyrly doganym!

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we üstünlik, Siziň ýurduňyza bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize ýene-de bir gezek hoşallygymy we dostlugymy beýan edýärin. Doganlygyň, raýdaşlygyň umumy gymmatlyklary bilen birleşen tutuş musulman ymmatyna jebislik arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Mohamed Bazum,

Niger Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

doganym Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, doganlyk türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdelaziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Beýik Allatagaladan biziň ählimize ösüş, rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, 

goranmak ministri.

Soňky habarlar
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
top-arrow