Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 28.09.2022
808

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ähli gazagystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Siziň ýurduňyz döwletliligiň esaslaryny pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak işlerinde uly üstünlikleri gazandy. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döredijilik ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine, döwletiň abadançylygynyň, ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn.

Bilelikdäki tagallalar arkaly häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Siziň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyňyzyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu baýramçylyk gününde Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň ýurduňyzyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Naruhito,

Ýaponiýanyň Imperatory.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdelaziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Ispaniýanyň Hökümeti we halky bilen bilelikde Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Jenap Prezident, Size abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Size belent hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalar bilen,

Filipp VI,

Ispaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, abadançylyk we saglyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Filipp,

Belgiýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, Size we Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Willem-Aleksandr,

Niderlandlaryň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Size hem-de halkyňyza iň mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, parahatçylyk, rowaçlyk dileg edýärin.

Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin
Al-Mustafa Billa Şah ibn Almarhum
Sultan Haji Ahmad Şah Al-Mustain BILLA,

Malaýziýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Awstraliýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de gülläp ösjekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Dewid Hýorli,

Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow