Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 16.10.2022
1088

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de giňeldilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarda birek-birege goldaw berýändiklerini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow