Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 24.10.2022
1921

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Gazagystanyň halkynyň durmuşynda örän möhüm bolan şu şanly günde ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar boýunça ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhleti nazarlaýandygyny we netijeli häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, däp bolşy ýaly, açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. “Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet sapary ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň bähbitlerine ýokary depginlerde ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow