Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 06.02.2023
912

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňize özbek we türkmen halklarynyň taryhyndaky möhüm we şanly sene — ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistan biziň köpasyrlyk ýakyn dostumyz we goňşymyz, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi medeni däplerimiziň umumylygy, dilimiziň, däp-dessurlarymyzyň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Iki ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoluna ser salsak, onda 30 ýylyň içinde bize ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk syýasy-diplomatik we hukuk binýadyny döretmegiň başardandygyny aýratyn bellemek gerek.

Özara hormat goýmaga we goldaw bermäge esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary biziň umumy syýasy erkimiz netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýokary derejedäki syýasy dialog, şeýle-de parlamentara we sebitara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk meseleleri, suw hojalygy meseleleri boýunça hökümetara toparlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirýäris.

Siziň bilen 2022-nji ýylda Daşkentde, Samarkantda we Aşgabatda bolan dostlukly hem-de netijeli duşuşyklarymyzyň dowamynda biz köptaraplaýyn, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigimizi ýene-de bir gezek tassykladyk. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy halklarymyzyň bähbidine ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin hem-de özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga we önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, senagat taýdan kooperirleşmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan nusgalyk strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň biziň doganlyk ýurtlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow