Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Çap edildi 08.05.2026
128

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Gümrük kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Mejlisiň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan gyzyklanýarlar, welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişlige gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli alyp barmagyň, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň dört aýynda Balkan welaýaty boýunça senagat önümçiliginiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 6,6 göterim artdy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, welaýatda nebitiň çykarylyşy boýunça 1,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 4,4 göterim, elektrik energiýasynyň öndürilişi boýunça 4 göterim, ýod öndürmek boýunça 6,5 göterim, mineral dökünler boýunça 2,1 esse, nah ýüplükler boýunça 11 göterim ösüş gazanyldy.

Welaýatyň çäginde azyk önümleriniň öndürilişi hem artýar. Hasabat döwründe çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 0,1 göterim, unuň öndürilişi 52,5 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 6,4 göterim, gök önümleriň öndürilişi 1,5 esse, etiň öndürilişi 0,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 25,8 göterim, tutulan balyklaryň möçberi 14,1 göterim artdy. Sebitde ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük we ýolagçy dolanyşygynda oňyn netijeler gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründen 6,3 göterim artdy.

Şu ýylyň dört aýynda Balkan welaýatynyň ýerli býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde Balkan welaýatynda durmuş maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda welaýatyň çägindäki bank şahamçalary tarapyndan girdeji meýilnamasy 136,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýyl göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň öz wagtynda özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Sebitiň çäginde ýerleşýän “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň, nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak babatda işler depginli alnyp barylýar. Bulardan başga-da, türkmen geologlary we nebitgazçylary tarapyndan welaýatyň çäginde ýerleşýän nebitgaz känlerinde gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek, senagat taýdan özleşdirmek işi ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem iri önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde geologiýa-gözleg işlerini netijeli alyp barmagyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we Balkan welaýatynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi we iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýüpek gurçuklarynyň kadaly ösmegini gazanmak babatda degişli işler dowam edýär.

Balkan welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Welaýatda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Balkan welaýatynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere ideg etmek işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň, ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynda gök-bakja, beýleki azyk önümlerini öndürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäginde gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň çäginde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 260-dan gowragynyň gurluşyk işleri dowam edýär. Welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklar Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan zerur bolan ýokary hilli sement önümleri, beýleki gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan welaýatyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek üçin hereket edýän elektrik beketlerinde hem-de geçirijilerde meýilnamalaýyn abatlaýyş işleri geçirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, welaýatyň çäginde birnäçe desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär. Awtomobil ýollary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabynda bar bolan awtomobil ýollarynda we köprülerde abatlamak, durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunda degişli gurluşyk işleri geçirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän zawodlar tarapyndan oba hojalyk önüm öndürijileri zerur karbamid döküni bilen üpjün edilýär hem-de içerki sarp edijileriň tehniki ýoda bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. Sebiti senagat taýdan ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berildi hem-de şu etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň we binalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň himiýa we gurluşyk senagaty kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, welaýatda şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly desgalaryň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew haryt bolçulygyny üpjün etmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini artdyrmak boýunça Balkan welaýatynyň söwda ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň etraplarynda we şäherlerinde döwrebap söwda merkezleri, bazarlar, dükanlar halka hyzmat edip, sarp ediş harytlarynyň bolçulygyny, bahalaryň durnukly derejesini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň garamagynda welaýatda Gyzylarbat, Bereket çeper halyçylyk kärhanalary hereket edip, olar türkmen el halylarynyň nusgawy görnüşlerini dokamak, halkymyzyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan el halyçylyk sungatyny aýawly saklamak we ösdürmek babatda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Söwda-senagat edarasynyň garamagynda bolan Balkan welaýatyndaky kärhanalar daşary söwda işine gatnaşyjylara ýardam bermek, bu ugurdaky hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar. Welaýatda hususy ulgama degişli maýa goýum taslamalarynyň ençemesiniň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynda içerki bazaryň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere hususy önüm öndürijileriň önümçilikleriniň doly kuwwatynda işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatyndaky medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň medeniýet ojaklarynda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Balkan welaýaty taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolup, onuň çäginde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasy ýerleşýär. Sebitiň çägindäki ýadygärlikleriň 258-si döwlet tarapyndan hasaba alnyp, olar ylmy taýdan giňden öwrenilýär. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylar muzeýlerde sergilenip, halk köpçüligine ýetirilýär. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda dürli medeni çäreler geçirilip, ilata medeni taýdan hyzmat edilýär. Welaýatyň zehinli ýaşlary, bagşy-sazandalary ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Halkara medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly halkara medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu sebitiň dünýä derejeli iri çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatyndaky döwrebap medeniýet merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işini talabalaýyk guramak boýunça işleri dowam etdirmegiň, şu ýyl welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegiň hem-de ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we giňden öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ilatynyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetleri terbiýelemek boýunça degişli işler geçirilýär. Gurluşygy alnyp barylýan 2 sany çagalar bagynyň, 2 sany umumybilim edarasynyň, 1 sany saglyk öýüniň, durky täzelenýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

“Mollagara”, “Awaza” şypahanalarynda, “Daýanç” sagaldyş merkezinde ilatymyza, daşary ýurt raýatlaryna ýokary hilli şypahana hyzmatlary hödürlenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda şypahana bejeriş-dikeldişi boýunça öňdebaryjy tejribeler milli saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamalaýyn işler dowam edýär. Bu ugurda Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini tomus möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan Hazar deňziniň ekologik ýagdaýy yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurda Hazarýaka sebitiň topografik kartasy döredildi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze tehnologiýalar taýýarlanyldy. Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Yzygiderli geçirilýän dürli sport ýaryşlary, köpçülikleýin medeni-sport çäreleri ýokary netijeli sporty ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynda hereket edýän bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işini döwrebap derejede guramagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi, sport desgalarynyň işini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2026-njy ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çäreler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýokary derejedäki duşuşyklaryň, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralýan halkara maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Hususan-da, bu ýerde 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri, degişli meýilnamalara laýyklykda, dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde ýokary derejeli duşuşyga degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçiriler. Şeýle-de Awazada «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «Saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlary» atly maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologik meselelerine uly üns bermek bilen, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji oktýabrda Awazada Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygyny guramak göz öňünde tutulýar.

Suw meseleleri biziň sebitimiz üçin örän wajyp mowzuk bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz dürli halkara we sebitleýin forumlarda Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny açyk beýan edýärler. Türkmenistanyň sebitdäki suw meselelerine uly ähmiýet berýändigini göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini aýawly saklamak boýunça bu sebitiň döwletleriniň, Owganystanyň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, şu formatlara gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlislerini geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny halkara derejede iş ýüzünde amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu teklip forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy we halkara derejede giň goldawa eýe boldy. Bu Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Parahatçylyk we bitaraplyk boýunça ýokary diplomatik okuw mekdebini döretmek baradaky örän ähmiýetli bu başlangyjy ilki milli derejede amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny döretmek hem-de bu kafedrada 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap magistrleri okatmak teklip edilýär.

Täze dörediljek kafedra tarapyndan Halkara gatnaşyklary instituty bilen BMG-niň Kosta-Rikadaky Parahatçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany baglaşmak meselesini öwrenmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň başlangyjy bilen möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilip, halkara derejede köp sanly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu ugurda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň garamagyndaky ministrliklerde, döwlet gulluklarynda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda welaýat boýunça ulagyň ähli görnüşleriniň ýük we ýolagçy dolanyşygy babatda netijeli işler amala aşyryldy. Welaýatyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek babatda hem giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Welaýatdaky görkezijiler ulgama birikdirilen simli aragatnaşyk belgileri boýunça 10,3 göterime, öýjükli aragatnaşyk belgileri boýunça 15,4 göterime, internet ulanyjylaryň sany boýunça 13 göterime deň boldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda 185 kilometr optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekildi.

Hasabat döwründe welaýatyň ulag ulgamynda netijeli işler amala aşyryldy. Hususan-da, welaýat boýunça demir ýol ulagynda ýük we ýolagçy dolanyşygynda gazanylan netijeler barada aýdyldy. Balkanabat şäherinde ulanmaga berlen döwrebap awtotürgenleşik meýdançasy we täze awtomenzil ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda welaýatdaky awtoulag kärhanalary tarapyndan 70-den gowrak ugur boýunça awtobus gatnawlary yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we täze Balkanabat Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berildi. Bu howa menzilleriniň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňiz gämileriniň birnäçesi abatlanyldy. Şeýle hem wise-premýer bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gezek “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurlup ulanylyşa goýberilendigini aýtdy. Munuň özi Hazar deňziniň kenaryndaky kuwwatly deňiz porty bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň logistik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenbaşy we Balkanabat Halkara howa menzilleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça häzirki wagtda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow