Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda
Syýasy habarlar
Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda
Çap edildi 07.02.2023
2557

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň tagallalary netijesinde iki goňşy we dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça depginli ösdürilýär. Häzirki döwürde iki ýurduň gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň iberilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy ikitaraplaýyn dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Özbegistana dost-doganlyk kömegini bermek maksadyna gönükdirilendir.

Şunuň ýaly asylly işiň iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna laýyk 30 ýylyň dolan gününe gabat gelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe gutlag hatyny iberdiler. Hatlarda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň üstünlikli kämilleşdirilýändigi, munuň bolsa halklarymyzyň ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigi nygtalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle çäreleriň geçirilmegi Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda goňşy ýurda ugradylan suwuklandyrylan gaz özbek halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda Özbegistanyň Hökümeti tarapyndan edilýän tagallalara türkmen halkynyň uly goşandy bolar.

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow