Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 17.02.2023
1767

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň şu gezekki saparynyň ýurdumyzda hökümetara dialogyň dowamy hökmünde kabul edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň ýakynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. Şonda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi, resminamalaryň toplumyna gol çekildi, şeýle-de bilelikdäki işewürlik maslahaty üstünlikli geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirip, many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Köp ýyllardan bäri Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara haryt dolanyşygy oňyn depginini saklap gelýär. Hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar. Nebitgaz, ulag, senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň, özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmak üçin täze ugurlara çykmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistan öz tarapyndan russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegidir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow