Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 02.03.2023
1607

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Malta Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyzy hoşallyk bilen kabul etdim.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iki halkyň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açjakdygyna umyt edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edip, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Jorj WELLA,

Malta Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

AIDS, inçekesel hem-de gyzzyrma keselleri bilen göreşmek üçin Ählumumy gazna Türkmenistanyň Hökümetine öz hormatyny beýan edýär.

2022-nji ýylda durnuklylyk we bilelikde maliýeleşdirmek boýunça talaplary doly berjaý edendigi üçin Ählumumy gaznanyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygymy bildirmek isleýärin. Şeýle hem gazna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde inçekesel we COVID-19 boýunça grantlaryň komponentlerini üstünlikli amala aşyrandygyny belleýär.

Inçekesele garşy ählumumy göreşe goşan saldamly goşandyňyza hoşallygymyzy bildirip, Türkmenistanyň 2023-nji ýylda we mundan beýläk-de bu ulgamda alyp barýan işleriniň ýokary derejesini saklajakdygyna ynanýarys.

Mümkinçilikden peýdalanyp, AIDS, inçekesel hem-de gyzzyrma keselleri bilen göreşmek üçin Ählumumy gaznanyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine belent sarpa goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy beýan etmek isleýärin.

Hormatlamak bilen,

Piters SENDS,

AIDS, inçekesel hem-de gyzzyrma keselleri bilen göreşmek üçin Ählumumy gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory.


Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
top-arrow