Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.04.2023
1958

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tamim bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdulla bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mohammed bin Abdulrahman Al Tani,

Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy,

daşary işler ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adyndan, onuň düzümleriniň işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk, yslam ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Husseýn Brahim Taha,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, halklarymyzyň bähbidine iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygymy tassyklamak isleýärin.

Najla Ramadhan,

Tunis Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Liwiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize we bütin musulman ymmatyna ösüş hem-de rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Muhammad Ýunus Al Manfi,

Liwiýanyň Prezident geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow