Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 05.04.2023
1962

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýede Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine guwanylýandygyny aýtdy.

Hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz onuň ýurdumyza saparynyň netijeli boljakdygyna, meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça soňky ýyllarda baý we oňyn tejribe toplanandygyny aýtdy. Bu bolsa türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik berýär.

Doganlyk ýurduň kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijilerine ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi esasynda we onuň uzak möhletleýin häsiýetini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we berk jan saglyk, rowaçlyk, üstünlik baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow