Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine
Syýasy habarlar
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine
Çap edildi 06.04.2023
2108

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr. Garaşsyz ýurdumyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletimiz, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat şäheri halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň, ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi giňelýär. Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Munuň özi türkmen sportunyň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.

Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türkmenistanly türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine uly itergi berýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýaş nesillere buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp wekilçilik etmekleri, Watanymyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyň görkezdi. Biz muňa türkmen sportunyň ýeňişli ýollarynyň başlangyjy hökmünde seredýäris.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyny gönüden-göni Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi täze wezipeleri öňümizde goýmak bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!

Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow