Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 07.05.2023
2027

6-njy maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasyndan çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we şu gezekki dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar däp boýunça täç geýdirmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Westminster ybadathanasyna ugradylar. Şunuň bilen birlikde, tutuş dünýä boýunça millionlarça adama britan Patyşasy Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna onlaýn tertipde tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi.

Beýik Britaniýa Ýewropada öz Patyşalaryna täç geýdirýän ýeke-täk ýurtdur. Täç geýdirmek dabarasynda patyşa häkimiýetiniň nyşanlary bolan täje we skipetre (hasa) aýratyn orun degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, britan Patyşalaryna täç geýdirmek däbi müň ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ilkinji täç geýdirmek dabarasy 1066-njy ýylda geçirildi. Täç geýdirmek buthana dabarasy bolup, onda Beýik Britaniýanyň Patyşasyna ýa-da Şa zenana resmi taýdan täç geýdirilýär. Täç geýdirmek dabarasyndan öňürti, Londonyň Sent-Jeýms köşgünde tagty miras almak boýunça Geňeş ady bilen belli bolan dabara edarasynyň öňünde Patyşa hukuk taýdan yglan edilýär. Bu çäräniň esasy bölekleri müň ýylyň dowamynda üýtgemedi diýen ýalydyr.

Şu gezekki resmi çäre bellenen wagtda Bukingem köşgünden Westminster ybadathanasyna çenli dabaraly ýöriş bilen başlady. Dabaranyň dowamynda Kenterberi arhiýepiskopy Karl III-ni Patyşa diýip yglan etdi.

Patyşa kasamy ýerine ýetirilenden soňra, arhiýepiskop iňlis buthanasynyň ýolbaşçysy hökmünde Patyşanyň derejesini alamatlandyrýan däbi ýerine ýetirýär. Dabaranyň bu bölegi mukaddes hasaplanýar.

Täç geýdirmek pursady ýetip gelýär. Britan Patyşasyna patyşa häkimiýetiniň nyşanlary gowşurylýar. Soňra arhiýepiskop Patyşa Karl III-ä Mukaddes Eduardyň täjini geýdirýär.

Patyşa Karl III-ä wepalylyk baradaky kasam aýdylandan soňra, Şa aýaly Kamillany tagta oturtmak dabarasy boldy.

Soňra Patyşa we onuň Şa aýaly Bukingem köşgüne tarap ugradylar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Birmingem şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle möhüm çärä gatnaşmagy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, şu gezekki saparyň türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini aýtdy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow