Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 07.05.2023
1855

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, durnuklylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdelaziz AL SAUD,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan biziň ählimize bereket we rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer 

Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan bize hem-de ähli musulman ymmatyna bereket, bolçulyk eçilmegini dileg edýärin.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid TEBBUN,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň 

Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ählihalk sala salşygynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlagyňyz we hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Bu möhüm syýasy çärä ýurdumyzyň ähli ilatynyň işjeň gatnaşandygy, sala salşygyň bolsa halkyň goldamagynda we ähli demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilendigi babatda beren bahaňyz meniň üçin aýratyn gymmatlydyr.

Doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygy şübhesizdir.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin. Siziň gussaňyzy paýlaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize we Siziň maşgalaňyza duýgudaşlygymy bildirýärin hem-de eneňiziň jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin.

Fumio KISIDA,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow