Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 08.05.2023
2353

Onuň Alyhezreti, 
türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň halklary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şol gün ýurtlarymyzda Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin egin-egne berip, ganym duşman bilen gaýduwsyz söweşen, tylda zähmet çeken pederlerimiziň taýsyz edermenligini çäksiz hoşallyk bilen ýatlaýarys.

Beýik Ýeňşiň umumy ruhy mirasynyň mundan beýläk-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýoly bilen ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

*** 

Onuň Alyhezreti, 
türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Söweş meýdanlarynda, tylda deňsiz-taýsyz batyrlygy we gaýduwsyzlygy bilen Ýeňşi ýakynlaşdyran pederlerimizi hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarys, olaryň ägirt uly edermenligini, ruhubelentligini, watansöýüjiligini, gahrymançylygyny sarpalaýarys.

Bilelikdäki tagallalar bilen täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de iki halkyň bähbidine ösdürjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu baýram gününde Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz söweş meýdanlarynda duşmana garşy gahrymanlarça söweşen hem-de tylda zähmet çeken pederlerimiziň taýsyz edermenligini buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarys.

Uruş ýyllarynyň dowamynda taplanan doganlyk gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýurtlarymyzyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mizemez binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu taryhy günde Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow