Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Çap edildi 14.05.2023
2624

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti

Sizi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp waka — 10-11-nji maýda Täjigistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyňyzyň örän şowly we netijeli tamamlanmagy mynasybetli Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys.

Siziň amala aşyran döwlet saparyňyzyň çäginde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň adyny göterýän umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Biz ata Watanymyza çäksiz buýsanýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hormatly Prezidentimiz!

Täjigistanly türkmenler bolan biz türkmen topragynda amala aşyrylýan özgerişlere, şanly üstünliklere çäksiz buýsanýarys. Kalbymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan ata Watanymyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu gün türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan döwletleri bilen hyzmatdaşlyk has pugtalandyrylýar. 10-njy maýda Magtymguly Pyragynyň adyny göterjek orta mekdebiň düýbüniň tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze bilim edarasynyň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistandan baran resmi wekiliýetiň, Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, täjigistanly türkmenleriň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň we beýleki kitaplaryň, milli gymmatlyklaryň, türkmen haly önümleriniňdir gurallarynyň, milli lybaslaryň sergisi, täjik hem-de türkmen hormatly ýaşulularynyň, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň halklarymyzyň dostlugyny, döwlet Baştutanlarynyň başlangyçlaryny dabaralandyrýan aýdym-sazly çykyşlary, iki ýurduň Prezidentleriniň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy barada alkyş-dilegler edilip berlen toý sadakasy bizde ýokary watançylyk duýgusyny döredip, hormatly Prezidentimiz, Size, ata Watanymyz Türkmenistana bolan buýsanjymyzy has-da belende göterdi.

Bu taryhy ähmiýetli dabaradan soňra, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetinde hoşallyk maslahaty geçirilip, Arkadagly Serdarymyz, Siziň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň öz däp-dessurlaryny, milliligini we türkmen dilini ýaş nesliň içgin öwrenmeklerine berýän goldawlaryňyz, geljekki nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bolan täze mekdebiň binasynyň düýbüni tutmagyňyz mynasybetli çäksiz alkyşlar aýdyldy. Milli Liderimiziň berkarar eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyz, Siziň nusgalyk ýörelgeleriňize eýerip, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekden, gazanylýan üstünliklere guwanmakdan uly bagt ýokdur.

Goý, Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan
Täjigistanly türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy
M.Gaýypnazarow.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow