Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 15.12.2023
1757

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Gazagystan Garaşsyzlygynyň ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işleri bitirdi. Häzirki döwürde bu ýurt dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar. Men Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Gepleşiklerdäki açyklygyň, ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek baradaky üýtgewsiz islegleriniň bardygyny görkezdi” diýlip, hatda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow