Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary barada
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary barada
Çap edildi 17.12.2023
2473

2023-nji ýylyň 16-17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Mottaki, Dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de Söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine seredildi.

Hususan-da, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demirýol infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, daşary işler ministrleri we iki döwletiň wekiliýetleriniň agzalary türkmen hem-de owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan energetika we ulag taslamalaryna baryp gördüler.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow