Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 01.01.2024
2009

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn.

Katalin NOWAK,
Wengriýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Goý, Täze ýyl Size bagtyýarlyk, berk jan saglyk, rowaçlyk getirsin! Täze ýylda Size ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Uhnaagiýn HURELSUH,
Mongoliýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi tüýs ýürekden täze — 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

2023-nji ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürildi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy, energetika, senagat, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda taslamalar durmuşa geçirildi. 2024-nji ýylda-da täze özara bähbitli başlangyçlar üçin amatly şertleri döredip, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Geçen ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmeginiň halklarymyzyň özara bähbitli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Iki dostlukly ýurduň bähbidine amala aşyrylan netijeli işleriň täze ýylda-da dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglygyny, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Alihan SMAILOW,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2024-nji ýylda Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak däplerine esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga iki döwletiň, olaryň halklarynyň bähbidine täze itergi beriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglygyny, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn.

Wiktor ORBAN,
Wengriýanyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi täze — 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

Li SÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow