Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Çap edildi 09.02.2024
1721

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli dostlukly halkyna Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Bu ajaýyp baýram täze ýylyň buşlukçysy bolmak bilen, häzirki zaman jemgyýetinde özara düşünişmegi pugtalandyrmakda we sazlaşygy emele getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny çuň taryhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Men Siziň bilen geçen ýylyň noýabrynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji forumynyň çäklerinde Pekin şäherinde geçirilen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda biz döwletara gatnaşyklarymyzyň üýtgewsiz dostlukly we strategik häsiýetine ýokary baha berdik» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow