Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 01.03.2024
2048

Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, iki halkyň arasynda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni gatnaşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hususy bölek ugry boýunça köpýyllyk netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp wagtyň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Erman Ylyjak “Rönesans Holdingiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn belledi. Işewür türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow