Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidentine gynanç bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidentine gynanç bildirdi
Çap edildi 20.05.2024
1492

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohbere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilişi ýaly, Seýed Ebrahim Raisi görnükli döwlet işgäri bolmak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň ynamly öňe gitmegi ugrunda üstünlikli işleri alyp bardy hem-de Türkmenistan bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda merhumyň ýakynlaryna we Eýranyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin!” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow